Narbibiş ŞAMMAÝEWA
Türkmen dil biliminiň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan Türkmen frazeografiýasynyň nazary esaslary we frazeologiki sözlükleri düzmek däbi häzirki döwürde hem doly we hemmetaraplaýyn öwrenilmän gelýän meseleleriň biridir. Türkmen frazeografiýasynyň taryhynda düýpli öwrülişik bolan, özünde üç müňden gowrak frazeologik birligi jemleýän ilkinji uly göwrümli frazeologik sözlük 1976-njy ýylda neşir edildi. Bu neşir, türkmen frazeograflarynyň bu ugurdaky ilkinji tejribesi bolup, öz döwrüniň ylmy talaplaryna görä möhüm bir gollanmadyr. Elbetde, ilkinji tejribe bolandygy sebäpli, bu sözlügiň hem özüne mahsus artykmaçlyklary we amaly-teoretiki kemçilikleri bar. Sözlügiň iň uly artykmaçlygy, türkmen diliniň baý frazeologik gatlagyny ylmy esasda tertibe salmagy we bu ugurda işleýän hünärmenler, edebiýatçylar hem-de terjimeçiler üçin ygtybarly çeşme hökmünde hyzmat etmegidir. Emma, sözlügiň madda gurluşynda (slovarnaya statya) duş gelýän kemçilikler, şol döwürde türkmen frazeologiýasynyň teoretiki ösüşiniň entek kanagatlanarsyz derejededigini, frazeologik birlikleriň klassifikasiýasy we düşündiriş usullary baradaky ylmy garaýyşlaryň kämilleşmeginiň zerurdygyny subut edýär. Bu işde sözlügiň madda gurluşy, baş sözüň saýlanyp alnyşy we illýustrasiýa (mysallar) bölümi häzirki zaman leksikografik kadalary esasynda seljerilýär.