BEÝİK AKYLDARYŇ ŞALARY WASP EDÝÄN ŞYGYRLARY HAKYNDA



Mualliflar:

Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW

DOI:
Annotatsiya:

Magtymguly näme üçin Nedir şany mahabatlandyryp, “Aly siziňdir”, ol aradan çykanda bolsa, “Döwletalynyň” atly şygryny ýazdyka?! Şu sowala taryhy maglumatlar esasynda jogap bermäge çalşalyň. Nedir şanyň dolandyran ýyllarynda belli-belli ýerlerde gozgalaň bolandygy, gozgalaň etmäge türkmenleriň, esasanam, ýomut türkmenleriň gatnaşandygy anyk taryhy maglumat. Emma Nedir şanyň häkimligine garşy türkmenler hiç haçan köpçülikleýin baş götermändirler. Nedir şa 1736-njy ýylda şa täjini geýse-de, hakykatda, 1730-njy ýyllaryň başyna ol Eýrana doly hökümdarlyk edipdir. Hatda Nedir şa türkmenlere daýanany üçin ýurduň paýtagtyny Yspyhandan Maşada şol zamanda türkmenleriň has köp ýaşaýan şäherine geçiripdir. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Nedir şa dokuz ýyl (1729-38ý. D. Ý.) Horasan türkmenlerini salgytdan boşadypdyr. Nedir şa türkmenleri Eýran-owgan tabynlygyndan çykarypdyr. Bu şanyň zamanynda halklar arasyndaky özara uruşlar doly diýen ýaly ortadan aýrylypdyr.